
BMG-niň Awaza forumyna gatnaşyjylar üçin ähli zerur şertler dörediler
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçiriljek ýeri bolan Awazadaky käbir myhmanhanalaryň taýýarlyk derejesi we olarda döredilen şertler bilen hem tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag halkara foruma gatnaşjak myhmanlar üçin niýetlenen otaglar bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde boljak myhmanlaryň türkmen halkynyň milli däpleri esasynda garşylanmagy, olar üçin ýokary derejeli şertleriň döredilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, halkara foruma gatnaşjaklaryň bu ýerde türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däplerini duýmaklary babatda alada edilmelidigine ünsi çekdi.
Gahryman Arkadag myhmanhananyň daşyna çykyp, binanyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmalydygyny, gök zolaklara ideg işleriniň yzygiderli ýola goýulmalydygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy myhmanlaryň bu ýerde ýaşan günlerinde oňaýly dynç almaklary, gezelenç etmekleri we deňiz gözelligini synlap bilmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda halkara forumyň başlanýan pursatlaryna çenli az wagtyň galandygy nazara alnyp, ýerine ýetirilýän işleriň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.