Halk Maslahatynyň Başlygy Awazadaky halkara maslahatyň geçiriljek ýeri bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyny belläp, binalaryň taýýarlyk derejesine zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Şeýle-de bu ýerde daşary ýurtly wekilleriň ýokary derejede işläp bilmekleri babatda zerur tagallalary etmek boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi.
— «Awaza» Kongresler merkezinde döredilýän şertler bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna, yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidir. Iň esasysy bolsa bu ýerde guralýan halkara çäreleriň giňden beýan edilmegine hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir — diýip, Gahryman Arkadag aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygyna binanyň häzirki zamanyň iň täze tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylandygy, olarda gepleşikleri we duşuşyklary geçirmek, wakalary giňden beýan etmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilendigi barada jikme-jik maglumatlar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri binanyň bölümleriniň ýöriteleşdirilen häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilmeginiň, olaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyny belläp, binalaryň taýýarlyk derejesine zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Şeýle-de bu ýerde daşary ýurtly wekilleriň ýokary derejede işläp bilmekleri babatda zerur tagallalary etmek boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi.
— «Awaza» Kongresler merkezinde döredilýän şertler bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna, yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidir. Iň esasysy bolsa bu ýerde guralýan halkara çäreleriň giňden beýan edilmegine hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir — diýip, Gahryman Arkadag aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygyna binanyň häzirki zamanyň iň täze tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylandygy, olarda gepleşikleri we duşuşyklary geçirmek, wakalary giňden beýan etmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilendigi barada jikme-jikmaglumatlar berildi.