Kallas ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasyň Eýrandan öz ýurtlaryna gaýdan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlygyny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýewropaly diplomatyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlige salgylanyp, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň duşuşygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2025-nji ýylyň aprelinde Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň we ÝB-niň ýolbaşçylygynyň ilkinji sammitiniň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Mundan başga-da, taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meselelere, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän birnäçe sebitara we halkara meselelere garadylar.