Türkmen ulag operatory Çžeszýandan Baku portuna synag konteýner otlusyny ugratdy

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti («TULM») Hytaýyň Çžeszýan şäherinden ugran synag konteýner otly düzüminiň Baku halkara deňiz portuna ugradylmagyny gurady. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýtynda habar berildi.

50 sany 40 futluk konteýnerden ybarat otly Gazagystanyň çägi arkaly Türkmenistanyň serhetýaka demir ýol geçelgesinden geçirilip, Baku halkara deňiz portuna iberildi.

Hytaýyň synag konteýner otlusy Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly türkmen milli fider gämisinde Baku şäherine ugradyldy diýlip, habarda bellenilýär.

«TULM» Türkmenistanda demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolmak bilen, halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde uly möçberlerde dürli görnüşdäki ýükleriň gatnawlaryny amala aşyrmaklygy dowam edýär.