Awazada geçiriljek halkara forumyň çäklerinde dürli sergiler guralar

Awazada BMG-niň halkara maslahatynyň geçiriljek ýerindäki toplumyň binalarynyň ýörite gurlan dälizler arkaly birikdirilmegi, olaryň ugrunda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyna, çärelere gatnaşýan ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň ýeten derejesine degişli maglumatlardan ybarat sergileriň guralmagy halkara forumyň ähmiýetini artdyrar we onuň köpugurly häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awazada foruma taýýarlygyň derejesi, amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşmagynyň barşynda aýdyldy.

Gahryman Arkadag bu halkara forumyň many-mazmuny barada aýratyn belläp geçmek bilen, onuň dünýä üçin uly syýasy-ykdysady, durmuş we ynsanperwerlik ugurlar boýunça möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk döwründe halkara hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, BMG tarapyndan amala aşyrylýan uzak möhletleýin, giň möçberli strategiýalara, maksatnamalara we taslamalara saldamly goşant goşýandygyny aýratyn nygtady.