
Türkmenistan iki sany «Ro-Ro» paromynyň we bir gury ýük daşaýan gäminiň gurluşygyna başlar
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi «Ro-Ro» görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.
Gämiler «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we Türkmenistanyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.
«Balkan» zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna, pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder.
Bäsleşik Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde yglan edildi.
Ozal Türkmenistandaky zawodda iki sany «Ro-Ro» paromynyň we gury ýük daşaýjy gäminiň guruljakdygyny habar beripdik.