Türkmenistan bilen Polşa kanun çykaryjy ugurda tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Polşa Respublikasynyň Seýminiň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowel bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda kanun çykaryjy ugurda tejribe alyşmak we parlamentara gatnaşyklarynyň bar bolan mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy – diýlip, Mejlisiň saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Polşanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtadylar hem-de iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi bellenildi – diýlip, çeşmede nygtalýar.

Ozal biz Pawel Kowel bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirilendigini habar beripdik.