Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza we Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi we Gahryman Arkadagymyzdan bu ugurda öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.

Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçirilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna degişli desgalaryň, şol sanda lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň düýpli täzelenilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Ir säher bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjegine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda paýtagtymyzda gurulýan lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary we gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk merkezleriniň taýýarlanylan taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer lukman Arkadagymyzdan ýurdumyzyň saglyk merkezleriniň işini kämilleşdirmek, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň taslamalary, okuw-ylmy merkezlerde tejribeli lukmanlary taýýarlamak, bu ugry ösdürmek babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamalar barada degerli maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar we lukmançylyk edaralarynyň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, ynsan saglygynyň berkidilmegine, çagalaryň sazlaşykly ösüşine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Bular yzygiderli gözegçilikde saklanmaly wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Aýratyn-da, lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň, Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň we bu ugurdan bilim alýan talyplaryň tejribe toplamagynda möhüm ähmiýeti bolan okuw-usulyýet merkezleriniň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna hem-de gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir. Şunda binalaryň seýsmiki ýagdaýyna zerur üns berilmelidir.

Milli Liderimiz keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has bähbitlidigini nygtady. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. 2015-nji ýylda bolsa maksatnamanyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegine, keselleriň öňüni almaga hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyny ödemeýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda işleýän ýolbaşçylaryň işiniň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirendigini nygtady. Saglygy goraýyş ulgamyna ösen tehnologiýalar, sanly ulgam işjeň ornaşdyrylmalydyr. Şol bir wagtyň özünde lukmanlaryň tejribe toplamagy, hünäriniň kämilleşdirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän häzirki zaman saglyk merkezlerine barýan ýollaryň ugrunda ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Lukman Arkadagymyz saglyk merkezleriniň, lukmançylyk edaralarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy, olarda işlejek lukmanlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilmelidigini belledi. Munuň özi hünärmenleriň, lukmanlaryň degişli ugurlar boýunça baý tejribe toplamagyny, olaryň häzirki zaman saglygy goraýyş tehnologiýalaryny netijeli özleşdirmeklerini üpjün eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň çäginde Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň gurulmagynyň we toplumyň ýanynda lukmançylyk boýunça bilim berýän mugallymlar, aýratyn-da, ýaş mugallymlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, talyplar üçin bolsa umumy ýaşaýyş jaýynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, wise-premýer B.Annamämmedowa bu babatda hormatly Prezidentimize ýüzlenmegi maslahat berdi. Bu lukmançylyk edaralarynyň bir ýerde ýerleşmegi ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, olaryň lukmançylyk ylmynyň tärlerini we usullaryny özleşdirmeklerine, amaly taýdan tejribe toplamaklaryna oňyn täsirini ýetirer.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dikuçarda Arkadag şäherine tarap ugur aldy. Uçuşyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Şunda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň 70 göterimden gowragynyň durmuş maksatly desgalardan ybaratdygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň netijesidir.

Soňky ýyllarda Diýarymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän medeni-durmuş, edara ediş, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» netijeli amala aşyrylmagyna giň ýol açýar. Lukman Arkadagymyz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan binalary we saglyk merkezlerini synlady. Şunda ähli binalaryň, şol sanda lukmançylyk edaralarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir.

Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başlangyjyndan binýat bolan, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler batly depginde dowam edýär. Hormatly Arkadagymyz guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryny, lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň ýerleşýän ýerlerini we gurluşyk işlerine girişmek üçin ýaýbaňlandyrylan taýýarlyklaryň barşyny synlady.

Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi metjidiň gurluşygyna yhlasly, jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Haýyr işleriň we ýagşy dessurlaryň amal bolýan binasynyň gurluşygy hil babatda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk milli ýörelgeleri dowamata atarylýar. Asylly däp-dessurlaryň ösdürilmeginde Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde bina edilýän metjide möhüm ornuň degişlidigini nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan täze şäher ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär. Bu künjegiň medeni-durmuş maksatly binalary, önümçilik toplumlary, seýilgäh zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň keşbi has-da gözel görünýär. Milli Liderimiziň dikuçary täze şäheriň ýokarsyndan öwrüm edip, paýtagtymyza tarap ugur aldy.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň ulag mümkinçilikleriniň gerimi barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baş şäherimiziň ulag-logistika ulgamyna aýratyn ähmiýet berlip, howa gatnawlarynda ýolagçylara döwrebap hyzmatlar hödürlenilýär. Ýurdumyza hormatly Prezidentimiziň satyn alyp bermeginde täze uçarlar yzygiderli gelip gowuşýar. Munuň özi ýolagçy we ýük gatnatmak işleriniň ýygjamlaşýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän we ýokary derejede enjamlaşdyrylan saglyk merkezleriniň toplumyny synlady. Bu künjekde ýokary halkara görkezijilere kybap gelýän saglygy goraýyş edaralary ýerleşip, olarda halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň döwrüň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyklarda, durky täzelenilýän desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman görkezijilerine laýyk gelmeginiň möhüm talapdygyny belläp, Milli Liderimiziň bu işleriň şähergurluşyk maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleri berklik, oňaýlylyk babatda ösen talaplara doly laýyk gelmelidir. Şeýle hem lukmanlar üçin oňaýly iş we durmuş şertleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň dikuçary Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň ýokarsyndan öwrüm etdi. Lukman Arkadagymyz bu lukmançylyk edaralarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly meselelere taýýarlyk görmek babatda degişli maslahatlaryny berdi.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde häzirki zaman saglyk merkezleriniň toplumy emele geldi. “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän saglyk merkezleriniň enjamlaşdyrylyşy we olarda hödürlenilýän hyzmatlar ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär.

Milli Liderimiz guşuçar belentlikden paýtagtymyzyň çäginde bar bolan saglyk edaralaryny, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Şäheriň merkezi künjeginde ýerleşýän we ýakynda ulanmaga berlen saglyk merkezleriniň, gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Stomatologiýa merkeziniň Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýändigini bellemek gerek. Munuň özi şähergurluşyk maksatnamasynda durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk-gündogar künjeginden aýlanyp, guşuçar belentlikden öwrüm etdi we meýdança gondy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýtagtymyza we Arkadag şäherine amala aşyran bu gezekki iş sapary hem-de saparyň dowamynda beren öwüt-nesihatlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň has-da ýokary depginlere eýe bolmagynda möhüm badalga bolar.