Türkmenistan Halkara parlament geňeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Halkara parlament geňeşiniň (IPC) baş sekretary, senator hanym Sitara Aýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. 3-nji iýulda bolan duşuşykda Türkmenistan bilen Halkara parlament geňeşiniň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy hökmünde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasata we hemişelik Bitaraplyk statusyna ygrarlylygy, ýurduň dürli ugurlardaky mümkinçilikleri, iri ykdysady we infrastruktura taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň beýleki ýurtlaryň parlamentleri we halkara parlament guramalary bilen özara gatnaşyklary barada prezentasiýa görkezdi.

Pakistan tarapy Bitarap Türkmenistanyň parahatçylykly daşary syýasatyna we ýurduň Mejlisiniň alyp barýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.

Soňra parlamentara gepleşikleri işjeňleşdirmek, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak we häzirki döwrüň möhüm meselelerini parahatçylykly ýollar bilen çözmäge ýardam bermek boýunça tagallalary utgaşdyrmak üçin bilelikdäki çäreleri, konferensiýalary we forumlary guramak ýaly hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň soňunda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.