Türkmenistanyň DIM-inde Polşanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Polşa Respublikasynyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowalyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Daşary işler ministriň orunbasary Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ähli kararnamalary goldandygy üçin polşa tarapyna minnetdarlygyny bildirip, işjeň hökümetara we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge türkmen tarapynyň ygrarlylygyny tassyklady.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýulmagy, iki ýurduň wekiliýetleriniň Türkmenistanda we Polşada guralýan sergilere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar medeniýet, bilim we ylym ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.