BMG-niň çäklerindäki türkmen-pakistan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2-nji iýulda Türkmenistanyň ilçisi Yslamabtdaky A.Möwlamow bilen Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň BMG bilen hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň Baş direktory Umer Siddikiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda BMG-niň çäginde Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, ilçi A.Möwlamow şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty barada gürrüň berdi. Bu maslahatyň diňe bir deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin däl, eýsem, dünýäniň beýleki köp ýurtlary üçin hem möhümdigi bellenildi.

U.Siddik Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň şeýle möhüm halkara çäräni geçirmek üçin öz meýdançasyny bermek baradaky çözgüdine ýokary baha berdi. Şeýle hem munuň halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň konstruktiw we bitarap daşary syýasaty babatdaky ynamynyň we hormatynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy. Aýratyn-da, durnukly logistika, söwda we integrasiýa nukdaýnazardan açyk deňze çykalgany üpjün etmek meselesiniň häzirki wagtda möhümdigi bellenildi.

Şeýle-de ilçi A.Möwlamow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Pakistanyň başlyklyk edip başlamagy bilen gutlady we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmekde BMG-niň roluny güýçlendirmek ugrundaky işlerde üstünlikleri arzuw etdi.

U.Siddik hem öz gezeginde adalatly, parahat we deňhukukly köptaraplaýyn dünýä tertibiniň ýörelgelerini öňe sürmek üçin Pakistanyň bu jogapkärçilikli wezipäni işjeň ulanmak isleýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn, şol sanda BMG-niň dürli platformalarynda özara hormata, ynanyşmaga we bähbide esaslanýan gepleşikleri mundan beýläk hem dowam etmäge bolan isleglerini tassykladylar.