
Türkmenistan Stambulda eksport mümkinçiligini görkezýär
Stambulyň sergi merkezinde iki doganlyk ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň eksport önümleriniň sergisi açyldy. 2-5-nji iýul aralygynda dowam etjek bu çäre, döwlet Baştutanlary tarapyndan işjeň goldanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi.
Açylyş dabarasy Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy, şondan soň türkmen öndürijileriniň ägirt uly mümkinçiliklerine ünsi çekýän çykyşlar edildi. Serginiň ýokary tehnologiýalary, innowasiýa ösüşlerini we öňdebaryjy tejribäni alyşmak üçin täsirli meýdança boljakdygy bellendi. Türkiýäniň Söwda ministri Omer Bolatyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy aýratyn ähmiýet berdi. Öz çykyşynda ol iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çalt depginde ösdürilýändigini nygtady.
“Biziň esasy maksadymyz – söwda dolanşygynyň mukdaryny gysga wagtda 5 milliard dollara ýetirmek” – diýip, ministr Bolat mälim etdi. Ol şu ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 26,3% ýokarlanyp, 2,2 milliard dollara ýetendigini aýtdy. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 3 milliard dollardan geçmegine garaşylýar. Şeýle hem ministr, iki ýurduň Prezidentleriniň öňde goýan uly maksadyna ýetmek üçin ikitaraplaýyn söwdada deňagramlylygy saklamak we önümleriň dürlüligini ýokarlandyrmak isleýändigini aýtdy.
Bu sergini däbe öwürmäge çagyran Bolat, Aşgabatda geçiriljek Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň 2026-njy ýylyň 13-15-nji fewralynda meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Ministr, şeýle hem, energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi, esasanam “Tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama” we “Meýiller hakynda Jarnama” 2024-nji ýylyň 1-nji martynda gol çekilendigini belläp geçdi. Ol türkmen gazynyň Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bazaryna çykarmagyň diňe bir ykdysady däl, eýsem ýurtlaryň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk babatda hem möhümdigini belledi.
Sergi eksportda niýetlenen ýokary hilli önümleriň giň toplumyny hödürleýär. Bu ýere gelýänler senagat we oba hojalyk enjamlaryny hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny, gurluşyk materiallaryny, hojalyk we elektron enjamlaryny, öý harytlaryny, dokma önümleriniň köp görnüşini we beýleki dürli görnüşli harytlar hem-de hyzmatlar bilen tanyşyp bilerler.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda amala aşyrylan uly göwrümli özgertmeler diňe bir daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi üçin amatly şertleri döredmän, eýsem halkara işewürligi üçin täze maýa goýum mümkinçiliklerini açýar.
Sergi Türkmenistanyň Türkiýe bilen işewürlik ugrundaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky aýratyn ähmiýetini aýdyň görkezýär. Ol türkmen milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem döwlet maksatnamalaryny we innowasiýa taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri hemmetaraplaýyn şöhlelendirýär.
Serginiň aýratyn bezegi, Türkmenistanyň senagatlaşma we gaýtadan işleýän pudagyny güýçlendirmek babatdaky syýasatyny alamatlandyrýan Arkadag şäheriniň taslamalarynyň binagärlik we bezeg şekilleri boldy. Şeýle hem sergi, türkmen telekeçileriniň söwda we hyzmatlar pudagynda gazanan üstünlikleri, şol sanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Bu sergi meýdançasynyň netijeli ulanylmagy we iki ýurtduň telekeçileriň işjeň gatnaşmagy täze işewür hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem-de iki ýurtduň harytlarynyň birek-biregiň bazaryna çykarylmagyna goşant goşar diýlip garaşylýar.
Eýýäm serginiň birinji gününde köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Munuň özi bolsa söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürilmegi, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda esasy ileri tutulýan ugurlaryň biridigini tassyklaýar. Sergini synlamaga gelenler, türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öndürilýän eksport ugurly önümler bilen uly gyzyklanma bildirip tanyşdylar. Bu bolsa uzak möhletli we durnukly hyzmatdaşlyga berk binýat döredýär.
Şeýle hem Türkmenistan, türkmen eksport önümleriniň sergisi bilen utgaşykly geçirilýän Stambulyň Azyk, içgi we önümçilik tehnologiýa ýarmarkasynyň hormatly ýurdy boldy.