
Meredow we Baradar türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň çäginde TOPH we TOP taslamalary barada pikir alyşdylar
3-nji iýulda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbaýjana amala aşyran saparynyň çäginde Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk pudagyndaky wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Energetika we ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly birnäçe soraglara garaldy.