
Prezident Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişe häzirden taýýarlyk görmegi tabşyrdy
Ozal habar berşimiz ýaly, 2-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurtda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň goranyş ukybyny berkitmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, harby gulluga çagyrmak çäresiniň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasy hem-de häzirki zaman talaplary esasynda ýurduň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutany ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden başlap gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişi ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.