Türkmen-mali hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdulaý Diopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-mali hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.