R.Meredow Malawi Respublikasynyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malawi Respublikasynyň daşary işler ministri Nensi Tembonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda özara ygrarlylyk beýan edildi.

Ministrler halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi diýlip, habarda bellenilýär.