Türkmenistanyň we Burkina Fasonyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Burkina Fasonyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegine garadylar. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Köptaraplaýyn düzümleriň, hususan-da, BMG-niň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler diýlip, habarda bellenilýär.