Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilýän BSG-niň sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşýar

1 — 3-nji iýul aralygynda Wena şäherinde (Awstriýa) Merkezi we Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary (CEECAC) üçin Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) sanitariýa we fitosanitariýa çäreleriň (SFS) ýerine ýetirilişi baradaky sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär. Bu çäre BSG-niň Sekretariaty tarapyndan Bilelikdäki Wena instituty (JVI) bilen hyzmatdaşlykda, BSG-niň 2024-2025-nji ýyllar üçin iki ýyllyk tehniki kömek we hünär taýýarlygy meýilnamasynyň çäklerinde guraldy.

Sebitleýin okuw maslahatyň esasy maksady sebitdäki ýurtlaryň BSG-niň işine gatnaşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de SFS Şertnamasynyň düzgünleriniň giňişleýin düşnükli bolmagyny üpjün etmekdir. Maslahatyň dowamynda sanitariýa we fitosanitariýa çäreleri bilen baglanyşykly açyklyk çäkleri, BSG-niň SFS Komitetiniň alyp barýan işleri, şeýle hem Halkara Ösümlikleri Goramak Konwensiýasynyň (IPPC), Bütindünýä Haýwanlaryň Saglygyny Goramak Guramasynyň (WOAH) we Kodex Alimentarius Komissiýasynyň häzirki zaman başlangyçlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Sebitleýin okuw maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Onuň düzümine Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri girýär.

Sebitleýin maslahatyň dabaraly açylyşynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň adyndan Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň sanitariýa we fitosanitariýa çäreler ulgamyndaky ähli halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny, degişli halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygyny hem-de milli SFS ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek üçin tehniki we hünär mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Sebitleýin maslahata gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary SFS Şertnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy, beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alyşmagy hem-de sanitariýa we fitosanitariýa çäreleriň (SFS) ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi meýilleşdirýärler.