Portugaliýada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi

30-njy iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäheriniň «Alfandego» kongresler merkeziniň binasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri» atly utgaşykly çäre geçirdi.

Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ÝHHG-niň PA-nyň Prezidenti Pia Kauma, baş sekretary Roberta Montella we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Karimi, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy, ilçi Jon MakGregor, şeýle hem Finlandiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň, Ispaniýanyň, Niderlandlaryň parlamentleriniň we halkara guramanyň wekilleri gatnaşdylar hem-de çykyş etdiler diýlip, Türkmenistanyň Mejlisiniň saýtynda habar berildi.

Giň wekilçilikde geçen bu çärede çykyş edenler Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen sebit we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny bellediler.