
DIM: Şwesiýanyň kazyýeti MTS-iň Türkmenistana bolan ähli talaplaryny ret etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şwesiýanyň kazyýetiniň rus telekommunikasiýa kompaniýasy MTS-iň türkmen tarapyna bolan talaplaryny doly ret edendigini habar berdi.
DIM-niň habarynda bellenişi ýaly, Türkmenistan dünýä jemgyýetiniň jogapkär agzasy hökmünde halkara meýdanynda halkara gatnaşyklaryň gatnaşyjylarynyň tertibini kesgitleýän köptaraply we ikitaraply resminamalaryna laýyklykda öz işini alyp barýar.
Beýannamanyň doly görnüşini ýakynda okap bilersiňiz.