Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 29-njy iýun — 3-nji iýul aralygynda Portugaliýa Respublikasynyň Portu şäherinde geçirilýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guralýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri» atly çäre geçirilýär. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Kariminiň Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça öz ýurtlarynda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy gorap saklamaga, tebigata aýawly çemeleşmäge gönükdirilen tagallalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly goldamak boýunça toplanan tejribeler beýan edildi.

Şeýle hem türkmen parlamentarileri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine gatnaşdylar. Oňa atnaşyjylar häzirki wagtda sebitiň we dünýäniň gün tertibinde durýan meseleleriň oňyn çözgütlerini, olary durmuşa geçirmekde parlamentleriň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.