HHR-iň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçen özüniň Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen özüniň ýurtdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu gün ilçi Türkmenistanyň daşary işler ministr Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Hytaýyň halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki üstünlikli özara gatnaşyklary barada nygtaldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaý Halk Respublikasynyň ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde ilçi Sýan Naýçen özüniň diplomatik missiýasyny amala aşyrmakda beren ählitaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.