
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda Owganystandaky ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşyldy
Brýussel şäherinde geçirilen Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloniniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda, esasan, sebit howpsuzlygy, aýratyn-da, Owganystandaky ýagdaý bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy özüniň oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan çemeleşmesini beýan etdi. Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygy dikeltmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürülýän başlangyçlaryň, şol sanda ynsanperwer kömekleriň we parahatçylykly taslamalaryň yzygiderli goldanylýandygy nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Duşuşykda Türkmenistan — Owganystana demir ýolunyň gurluşygy, täze energetiki hem-de transport geçelgelerini döretmek ýaly iri infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylyşyna aýratyn üns berildi. Bu taslamalaryň Owganystanda durmuş-ykdysady durnuklylygy berkitmäge, dikeldiş işlerine hem-de sebitleýin arabaglanyşygy çuňlaşdyrmaga ýardam etjek strategik ähmiýetli elementler bolup durýandygy bellenildi.
Taraplar açyk syýasy dialogy dowam etdirmegiň möhümdigini tassyklap, özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem halkara gatnaşyklaryndaky häzirki çylşyrymly şertlerde parahatçylykly çözgütleriň, diplomatik tagallalaryň we durnukly hyzmatdaşlyk çemeleşmeleriniň sebitiň howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.