
Wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Russiýadaky halkara ykdysady forumda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eder
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin şu ýylyň 17 — 21-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynda gulluk iş saparynda bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti 13-nji iýunda degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.