«San­ly çöz­güt — 2025» at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi yg­lan ediler

Türkmenistanda “San­ly çöz­güt — 2025” at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça degişli işler al­nyp ba­ryl­ýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 13-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýewiň hasabatynda aýdyldy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­tda ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýan bu bäs­le­şi­gi eme­li aň, ro­bo­to­teh­ni­ka we aw­to­ma­ti­za­si­ýa, “akyl­ly” oba ho­ja­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, “akyl­ly” şä­her, bi­lim we elekt­ron okuw, san­ly luk­man­çy­lyk hem-de hyz­mat­lar ul­ga­my ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bäs­le­şik­de hö­dür­le­nil­jek tas­la­ma­lar mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ry­na san­ly çöz­güt­le­ri we tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar.

Agent­li­giň ýol­baş­çy­sy Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­niň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­ ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­tda san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek­de mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyp, her ýyl ge­çi­ril­ýän in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ne prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni iş­läp düz­ýän we in­no­wa­sion oý­lap ta­pyş­lar bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň giň­den gat­naş­ma­gy­nyň bu ugur­da­ky öz­gert­me­le­riň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ «San­ly çöz­güt — 2025» at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni yg­lan et­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi gol­dap, agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.