Konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gazak geňeşmeleri geçirildi

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň DIM-inde konsullyk meseleleri boýunça Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-gazak geňeşmeleri geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini we mümkinçilikleri barada belläp geçdiler.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn konsullyk hyzmatdaşlygy meseleleri babatda pikir alşyldy.

Şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar geljekde konsullyk meseleleri boýunça gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.