Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Hususan-da, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi. Maslahatda Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk bilen baglanyşykly Kanunlara we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.
Deputatlaryň BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň we Halkara Migrasiýa Guramasynyň wekilhanalarynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy. Mejlisiň wekili Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde geçirilen çärä gatnaşmak üçin iş saparynda boldy. Mejlisiň deputatlary Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň pudaklaryň öňünde goýan wezipeleriniň, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, kabul edilen çözgütleriň maksatlaryny we many-mazmunyny, Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek boýunça geçirilen çärelere gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary düzgünleşdirmek bilen bagly görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi innowasion taýdan ösdürmek baradaky başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan bu ulgamda halkara şertnamalaryň 15-sine goşulyp, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy we Ýewraziýa Patent Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenildi. Maksatnamanyň çäklerinde 2023-nji ýylda “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin alynýan ýygymlaryň möçberi we olary tölemegiň Tertibi Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, zawodlar toplumy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň netijesinde, dürli görnüşli nebit önümleri bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gaz hem öndürilýär. Ony saklamak hem-de sarp edijilere ýükläp ibermek üçin ýörite terminalyň hyzmatyndan peýdalanylýar. Bu desgalaryň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň golaýynda ýerleşýän, suwuklandyrylan gazy saklamak we ýükläp ibermek üçin niýetlenen terminaly giňeltmek, onuň kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän desgalary döwrebaplaşdyrmaga, nebit önümlerini saklamaga we ibermäge niýetlenen ulgamlary kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän suwuklandyrylan gazy saklaýan, ýükläp iberýän desgalaryň kuwwatyny artdyrmagyň nebitgaz senagatyny has-da ösdürmekde möhüm bolup durýandygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, olary ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek we tekizlemek, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, güýzki ekiş möwsümine taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegi berk gözegçilikde saklamak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere beýleki möwsümleýin oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini hem talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümleriniň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda uly işler amala aşyrylýar, halkara ülňülere laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen, sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ilata edilýän jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmek, raýatlaryň hyzmatlar üçin töleglerini onlaýn usulda töläp bilmekleri babatda oňaýly şertleri döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizildi. Taslamanyň işe girizilmegi bilen, paýtagtymyzdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň, öýleriň, raýatlaryň hasabat sanawynyň döwrebap usullarda ýöredilmegi ýola goýuldy. Şeýle-de ilata jemagat hyzmatlaryny hödürleýän edara-kärhanalaryň öz hyzmatlarynyň hasabatyny elektron görnüşde ýöretmäge mümkinçilik döretdi.
Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portaly we “Sanly şäher” atly mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilip, olar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Mundan başga-da, ilata hödürlenilýän jemagat tölegleri bir penjire ulgamy bolan döwlet hyzmatlar portalynda (e.gov.tm), ýurdumyzda giňden ulanylýan mobil goşundylarda ýerleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Ilata hödürlenilýän jemagat hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlaryň hyzmatlaryň töleglerini sanly ulgamyň üsti bilen töläp bilmekleri üçin oňaýly şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmekde «Merkezi elektron ulgam» taslamasyny ornaşdyrmagy yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan söwda nokatlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri, haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyrylýar. Sanly ulgamy ösdürmek, ilata döwrebap hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, elektron söwda dükanlarynyň üsti bilen bu harytlary halka hödürlemek hem-de eltip bermek hyzmatlary ýola goýlar. Şeýle hem wise-premýer mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabryna çenli guramagyň teklip edilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň dürli görnüşli harytlara bolan isleglerini yzygiderli öwrenip, içerki bazaryň bolçulygyny artdyrmagyň möhüm bolup durýandygyny nygtady. Täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramak hem zerurdyr. Olar okuwçylar, talyplar üçin zerur harytlar bilen doly üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzda “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Bu çäräni hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, şu ýylyň noýabrynda guramak meýilleşdirilýär.
Bellenilişi ýaly, döredijilik çäresiniň çäklerinde TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda türki döwletleriň kinematografiýa ulgamynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek, Aşgabadyň kinoteatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişini guramak, daşary ýurtly meşhur artistler, režissýorlar bilen ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Kinofestiwala gatnaşýan myhmanlaryň Arkadag şäherine, “Seýit Jemaleddin” ýadygärlikler toplumyna, 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýine, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görmekleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etmekleri meýilleşdirilýär.
Halkara kinofestiwala daşary ýurtly myhmanlaryň guramaçylykly gatnaşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, döredijilik forumyny şu ýylyň 4-5-nji noýabrynda geçirmek baradaky teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda köp sanly çäreleriň ýokary derejede guralýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýygyndy toparyny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysynyň çakylygyna laýyklykda, Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzdan türgenler sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça gatnaşarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň 19 adamdan ybarat sport wekiliýetini ugratmak dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu möhüm çäräni geçirmek babatda birnäçe teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sport ulgamyny halkara derejede ösdürmek babatda uly tejribe toplandy. Türgenlerimiz dürli derejedäki ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyny dabaraly ugratmak çäresine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamany taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ählumumy gün tertibinde strategik taýdan ähmiýetli bolup durýan meselelere, hususan-da, energiýa howpsuzlygyny berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda dünýäde energiýa serişdelerine islegler barha artýar. Munuň özi ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly derwaýys meseleleriň çözülmegini şertlendirýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny we “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyndan, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan ýurdumyzyň borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan halkara derejede alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamanyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Şu maksat bilen, ugurdaş halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri we düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň sentýabr aýynyň birinji ýarymynda meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak meselelerini halkara derejede ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maslahaty guramak teklip edilýär. Mundan başga-da, şu ýylyň sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) ýolbaşçylary bilen gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetini Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine iş saparyna ugratmak teklip edilýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetine gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan maýa goýumlary çekmek babatda şu ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky teklip beýan edildi. Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Ýurdumyzda Gün hem-de ýel energiýasyny ulanmak babatda oňyn şertler bar. Döwletimiz bu ugurda halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça meýilnamany işläp taýýarlamakda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.