«Türkmenaragatnaşyk» agentligi sanly ulgamyň we häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlary barada söhbetdeşlik gurnady
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarynyň arasynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanyp, elektron okuw sapaklaryny ösdürmekde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada söhbetdeşlik gurnaldy.
Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň edara binasynda gurnalan tegelek stoluň başynda aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri: «Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we edara-kärhanalara yzygiderli täze sanly hyzmatlary ornaşdyrmak ýurdumyzda hünärmenler we innowasiýalar üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar» diýip belläp geçdiler.
Şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işler barada durlup geçildi.
Bu ugurda okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, tegelek stollary we çäreleri gurnamak ýaş hünärmenleriň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga we hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer, diýip nygtaldy.