Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň täze ilçisini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ilçi türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Şeýle-de diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna gazak Lideri Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Gazagystanda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we ilçi Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň medeni we taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny goýandyklaryny we bu gatnaşyklaryň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygynyň nusgasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

BMG, ÝHHG, YHG ýaly abraýly halkara düzümleriň, şeýle hem GDA-nyň giňişliginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, sebit mehanizmleriniň, hususan-da, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň we «Merkezi Aziýa +» täze hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde tagallalaryň üstünlikli utgaşdyrylýandygy bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Energetika we ulag ulgamlaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we diplomat iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlarynyň hem-de geografik aýratynlyklarynyň bu ugurlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdylar.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi hem nygtaldy.

Gazak ilçisi duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.