Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalmagy bilen gutlady
Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen gallaçylary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine Gutlag bilen ýüzlendi.
«Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:
«Hormatly hasyl ussatlary!
Merdana gallaçy babadaýhanlar!
Sizi bereketli türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir adamyň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin gallanyň bol hasyly öndürilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde welaýatlarymyzyň etraplaryndaky gallaçylyk hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, öňdebaryjy gallaçy babadaýhanlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň uly goşandy bardyr. Biz daýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýäris.
Edermen gallaçylar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginlerde ösdürmek we düýpli özgertmek, ony iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanyp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmekde we çalt depginde ösdürmekde, ene topragymyzyň berekedini artdyrmakda tutumly işler amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzda düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň yhlasly zähmet çekmegi, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Hormatly oba zähmetkeşleri!
Siz sahawatly türkmen topragyndan bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman zähmet çekýärsiňiz. Siziň çekýän halal zähmetiňiz netijesinde, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki döwrüň ekerançylyk usullary bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gallaçylyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn almak, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen üpjün etmek hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, daýhanlarymyzyň gazanýan ýokary netijeleri bizi örän buýsandyrýar. Biz şu ýyl bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrdyk. Ýurdumyzda däneçilik pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin ýörite Ylmy-barlag institutyny döretdik. Bugdaýyň bol hasyl berýän tohumlarynyň ekilmegini ýola goýduk. Munuň özi oba hojalyk önümçiliginiň, şol sanda onuň gallaçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegine, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna uly ýardam edýär.
Galla — biziň baýlygymyz. Şoňa görä-de, siziň köp yhlas we zähmet siňdirilip ýetişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli isrip etmän, doly ýygnap aljakdygyňyza hem-de täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni şu günlerden mäkäm tutjakdygyňyza berk ynanýaryn.
Hormatly hasyl ussatlary!
Edermen gallaçy babadaýhanlar!
Bereketli topragymyzda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çeken we ýokary netijeleri gazanan ussat gallaçylarymyzy hem-de oba hojalyk işgärlerimizi, ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakda, ammarlara daşamakda yhlasly işlän kombaýnçylarymyzy, sürüjilerimizi, ähli watandaşlarymyzy gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini dowam etdirip, berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».