BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary tamamlandy
7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana sapary tamamlandy. Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ugratdy.
BMG-niň Baş sekretary bildirilen myhmansöýerlik hem-de geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeliligi üçin hoşallyk bildirdi hem-de ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbiniň, ýurduň ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Belent mertebeli myhman Bitarap Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýändigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygyny aýdyp, netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ak ýol arzuw etdi. Bu barada TDH ýazýar.