Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şol sanda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de onuň ähli kysymlarynyň harby gullukçylarynyň nazary bilimlerini, söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, nobatdaky harby gulluga çagyryşyň netijeleri, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek üçin durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýdyldy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ýol gözegçiligi, ýangyn howpsuzlygy düzümleriniň işini kämilleşdirmek, bu gulluklaryň işgärleriniň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda görülýän çäreler barada bellendi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, kazyýet işini talabalaýyk guramak üçin görlen çäreler barada hasabat berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýewiň hasabaty degişli döwürde alnyp barlan işleriň netijeleri, döwletiň milli bähbitlerini goramak, asudalygy, durnuklylygy üpjün etmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada boldy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş esgerleriň harby-watançylyk taýdan terbiýesi boýunça guralýan çäreleriň netijeliligini artdyrmak babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de degişli ösüş maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän düzümini tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak we düzümleýin edaralaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, harby gullukçylaryň öňünde goýlan wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, degişli ösüş maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişi barada aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary we ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini nygtady. Döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.