Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Siziň üstüňiz bilen ähli doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, doganlyk halkyňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Goý, biziň döwletlerimizi baglanyşdyrýan ysnyşykly gatnaşyklar mundan beýläk-de össün we berkesin!
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Tamim bin Hamad Al Tani,
Katar Döwletiniň Emiri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, doganlyk halkyňyza mundan beýläk-de rowaçlyk, ösüş arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Abdulla bin Hamad Al Tani,
Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize abadançylyk we ähli gowulyklary, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Mohammed bin Abdulrahman
bin Jassim Al Tani,
Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri.