Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

2024-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek geçen aýda geçirilen köp sanly çärelerde — syýasy geňeşmelerde, işewürlik gepleşiklerinde, maslahatlarda, sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatlarynda, sergilerde, medeni çärelerde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň görkezijileridir.

3-nji maýda Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrma, demografiýa, “ýaşyl” energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar babatda 8 sany taslama seredildi. Duşuşygyň jemleri boýunça daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly ugurlara degişli birnäçe resminamalara gol çekildi.

7-nji maýda Daşary işler ministrliginde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen geçirilen duşuşykda medeni ulgamdaky bilelikdäki gatnaşyklaryň ýokary derejededigi bellenildi. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän Wena balyny we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertlerini medeni dialogyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Şeýle hem söhbetdeşler beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara awstriýa tarapynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

10-njy maýda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri, hususan-da, halkara maslahatlary, paýtagtymyzda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyny geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler boýunça metbugat maslahaty geçirildi.

13-nji maýda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen bolan duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” we sanly özgertmeler, bilim, energetika, ulag-logistika ulgamlaryndaky gatnaşyklar geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon parlamentiniň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkitmek ugrunda edýän tagallalary üçin myhmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi.

Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda geçirilen “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahatda ýurdumyz bilen ÝB-niň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi.

14-nji maýda Türkmenistanyň wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki duşuşyga gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-nji maýda Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň, ulgamlaýyn esasda gepleşikleri ýola goýmagyň meselelerine garaldy.

15-16-njy maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirildi. Bu gözden geçiriliş diňe bir ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem açyp görkezdi.

15-16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Kazana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy hem-de birnäçe duşuşyklary geçirdi.

16-njy maýda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň baş maksady türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini aýawly saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemekden hem-de milli mirasyň gymmatlyklarynyň halkara sanawlara girizilmegini üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmekden ybarat boldy. Forumyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýe Respublikasynyň milli toparynyň başlygy Ojal Oguz bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ýurtlaryň arasynda TÜRKSOÝ-nyň we ÝUNESKO-nyň çäklerinde, hususan-da, umumy hödürnamalaryň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem-de beýleki maksatnamalara hödürlenilmegi bilen baglylykda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýete eýedigi bellenildi.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge, şahyryň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berdi. Forumyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynyň prezidenti Saad Han bilen bolan duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu düzümiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.

17-nji maýda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şol sanda nebitgaz hem-de gazhimiýa pudagynda, elektroenergetika, ulag, ylym, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigi nygtaldy.

17-nji maýda ÝUNESKO-nyň Almaty şäherinde ýerleşýän sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Amir Piriç bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda taryhy-medeni we tebigy mirasy gorap saklamak, dünýä ýaýmak, bilim, sport, sanlylaşdyrma ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde sebitleýin edaranyň aýratyn orny bellenildi.

18-nji maýda paýtagtymyzda beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady meşhur türkmen şahyrynyň edebi-filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden hem-de wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň, edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmekden ybarat boldy.

21-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de pajygaly dikuçar heläkçiliginde EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aradan çykandygy zerarly doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan edip, Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

21-nji maýda Daşary işler ministrliginde GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli mejlise taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin paýtagtymyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

22-nji maýda Daşary işler ministrliginde Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Mikal Kwistad hem-de Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Danestad bilen geçirilen bilelikdäki gepleşiklerde Ýewropa Bileleşiginiň, şol sanda ÝB-niň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde bu ýurtlar bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili Pedro Motinýo de Almeýda bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Portugaliýanyň dürli halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygy nygtaldy.

22-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen geçiren duşuşygynda bu mejlisde ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika, infrastruktura, ýurtlarymyzyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleri ýaly wajyp meseleler boýunça pikir alyşmak üçin mümkinçiligiň dörediljekdigi bellenildi.

24-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejlisi Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýändigini görkezdi. Bu duşuşyk ýurtlaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklady.

24-25-nji maýda paýtagtymyzda şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini hem-de mümkinçiliklerini görkezmäge bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçirildi. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi gazanmak ýörelgeleri bu gezekki serginiň tapawutly aýratynlygy boldy. Onuň işine türkmen hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.

26-njy maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Bu çäreler amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleriniň, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän medeni-ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

27-nji maýda Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň işewürler wekiliýetiniň agzalary bilen geçirilen duşuşykda taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda söwda, maýa goýum, senagat ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn ornuň degişlidigi beýan edildi.

Şol gün Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Olaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereketleri işjeňleşdirmegiň, parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň, daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy. Duşuşykda iki ýurduň halkara we sebitara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki, şeýle hem «C5+1» formatyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi nygtaldy.

27-nji maýda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bilen Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysynyň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny dürli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika, gaz pudagynda giňeltmegiň meselelerine garaldy.

28-nji maýda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

29-njy maýda Türkmenistanyň wekiliýeti Rimde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatyndaky ministrler maslahatyna gatnaşdy. Maslahatda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit hem-de ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmek we pugtalandyrmak meselesinde özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

30-njy maýda Türkmenistanyň we Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly ulgam arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda oba hojalygy, nebitgaz, himiýa, ulag-logistika pudaklarynda, maýa goýum, dokma senagaty, syýahatçylyk, bilim ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýlelikde, geçen aý möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek, halkymyzyň we dünýä halklarynyň bähbidine ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, halkara hem-de sebit guramalary bilen özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alyp barýan parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.