Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Ösüşiň täze belentliklerine tarap

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň senagat, serişde, zähmet we aň-paýhas kuwwatyny kämilleşdirmek, gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

10-njy iýunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabatlar diňlenildi. Zähmetsöýer ekerançylar tarapyndan ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Baştutanynyň ýurdumyza iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň giň möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, söwda-ykdysady, ulag, energetika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýalary we beýleki ençeme pudaklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler.

Gepleşikleriň barşynda sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. Şu ýyl Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Koreý kompaniýalary «Aşgabat-siti» taslamasyny durmuşa geçirmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Bu iri taslamanyň çäklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, ulag infrastrukturasyny, ekologik zolaklary, häzirki zaman dynç alyş merkezlerini gurmak göz öňünde tutulýar. Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ulgamyndaky meseleleri çözmegiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biridigi bellenildi. Maglumat tehnologiýalary we emeli aň, telekommunikasiýa, kosmos ulgamlarynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgam, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

«Koreýa-Ýüpek ýoly» (K-Silk Road) hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň giňeldilmegini goldamaga taýýarlyk tassyklanyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna, onuň many-mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen geçiren duşuşygynyň barşynda netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seredildi. Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty görnüşinde geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş eden Milli Liderimiz häzirki wagta çenli ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 14 sany maýa goýum taslamasynyň bardygyny belledi. Şolaryň hatarynda nebitgaz pudagynyň desgalaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, ulag serişdelerini satyn almak, ýük gämilerini gurmak bilen bagly taslamalar bar.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Nebit we gazhimiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, gämi gurluşygy, senagat, gurluşyk, infrastruktura, oba hojalygy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem özara söwda dolanyşygynyň möçberini düýpli artdyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Işewürlik maslahaty tamamlanandan soňra, iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda pudaklar boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň meseleleri has içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara, şol sanda Býujet kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berildi. Halkara standart talaplaryna laýyklykda, metrologiýa ugry boýunça ölçeg serişdeleriniň döwürleýin deňeşdirme barlagyny geçirmek, «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçiliklerini çig mal bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin görülýän çäreler, ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy. Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriljek «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taýýarlanyşy, şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Daşoguz welaýatynyň çäginde ýüze çykarylan altyn we kümüş teňňeleri, altmyşdan gowrak altyn teňňäniň we dürli reňkli tapyndylaryň böleklerini Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak baradaky teklip hödürlenildi. Bu tapyndylar köneürgenç türkmenleriniň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwrüne degişlidir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibiniň taslamasy hödürlenildi.

Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmagy ileri tutulýan ugur hökmünde saýlap alyp, ýöriteleşdirilen halkara we sebit guramalary, şol sanda Ýewraziýa patent guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde birnäçe degişli teklipler, şol sanda Türkmenistanyň Ýewraziýa patent guramasynyň esasy resminamalarynyň biri bolan “Ýewraziýa patent Konwensiýasynyň senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnamasyna” goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde senagat nusgalarynyň hukuk goragyna bagyşlanan sebitleýin maslahaty, 2025-nji ýylda bolsa Ýewraziýa patent guramasynyň dolandyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hem teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda üç günüň dowamynda — 16-17-18-nji iýunda bellenilýän mukaddes Gurban baýramy mynasybetli hemmeleri tüýs ýürekden gutlap, 16-njy iýundaky dynç gününi 19-njy iýuna — çarşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň karbamid öndürýän zawodlarynyň önümçiligi üçin zerur bolan karbamidli formaldegid konsentratyny satyn almak hakynda» Karara gol çekdi.

Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, 14-nji iýunda Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna girişdiler. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, bu welaýatlarda galla oragyna ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda, gijräk girişilýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 265 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak meýilleşdirilýär, günbatar sebitiň galla tabşyrmak boýunça döwlet borçnamasy bolsa 80 müň tonna barabardyr.

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Gyzylarbat etrabyndaky “Arkaç” daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda gondy.

Hormatly Prezidentimiz kärendeçileriň haýyşy boýunça “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz ýaş kärendeçiler bilen söhbetdeşlikde olaryň iş şertleri, ösdürip ýetişdirýän ekinleri, galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy. Bellenilişi ýaly, şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy öz asylly zähmeti bilen ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýan daýhanlaryň girdejileriniň artmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bol hasyl ýetişdiren kärendeçilere sowgatlaryny, Balkan welaýatynyň häkimine bolsa günbatar sebitiň ýaşaýjylary üçin niýetlenen 200 sany döwrebap awtoulagyň açarlaryny gowşurdy.

Geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan, «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen geçiren duşuşyklaryny görkezmek bolar. Ýurdumyzyň öňden gelýän daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen söhbetdeşlikleriň dowamynda bilelikdäki işleriň bar bolan tejribesini we Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagynda iri taslamalary, işewürlik üçin amatly şertleri hasaba almak bilen, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Uilýam Giringden ynanç haty kabul edildi. Türkmen-awstraliýa gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Milli senenamamyzyň şanly senesi — 12-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanyp, ýurdumyzyň ylmy işgärleriniň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy maslahatlar geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti ylmy-tehniki ösüşiň häzirki zaman meýillerini, ylmy işleriň möhüm ugurlaryny, hususan-da, ýokary tehnologiýalary ösdürmek we olary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi.

Çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginiň hem-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşan “Ýaş innowatorlar” ylmy-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary K.Kosaçýowyň arasynda duşuşyk boldy. Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Şeýle hem özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk K.Kosaçýow bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň hem esasy mowzugy boldy.

Saýlawlara taýýarlyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry bolan Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynyň hersi boýunça 3 dalaşgär, jemi 9 dalaşgär hödürlenildi. Häzirki wagtda saýlaw okruglarynda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen 76 sany milli synçy bellige alyndy we olara degişli şahsyýetnamalar berildi. Olar özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň geçişine gözegçilik ederler.

Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada hem-de Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň baş baýdak meýdançasynda Harby akademiýanyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň, Harby-deňiz institutynyň uçurymlaryny sarpalamak dabaralary geçirildi. Ýaş serkerdeler harby borja ygrarlylygyň nyşany hökmünde Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etjekdiklerine, türkmen halkynyň edermen ogullarynyň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirmäge taýýardyklaryna kasam etdiler.

Umuman, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ileri tutulýan wezipeleri hökmünde kesgitlenen ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň hatyrasyna strategik hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, milletiň ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak bilen bagly işler öz dowamyny tapdy.