Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi maglumat geçirijiligi 4G-den 10 esse ýokary bolan 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny öwrener

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny we tehniki häsiýetnamalaryny öwrener. Bu barada 14-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatyndan görnüşi ýaly, gurulmagy meýilleşdirilýän «Aşgabat-sitide» hem iň kämil tehnologiýalary, döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda halkara tejribäni, 4G tehnologiýasy bilen deňeşdirilende, maglumat geçirijiligi 10 essä çenli ýokary bolup, ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýän 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny, tehniki häsiýetnamalaryny öwrenmek maksadalaýyk bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bu ugurda degişli işleri geçirmegi baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, bu işleriň has-da kämilleşdirilmegini talap edýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda daşary ýurtlarda döwrebap 5G tehnologiýasynyň giňden ulanylýandygyny belläp, bu teklibi goldaýandygyny aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna şol tehnologiýanyň mümkinçiliklerini, aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.