Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY
Hormatly Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol!
Gadyrly myhmanlar!
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Şu gün biz Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşýarys. Mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýola maslahata gatnaşýandygy we türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirýäris. Bu foruma türkmen hem-de koreý işewürleriniň, iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has ýokary derejelere çykdy. Esasan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklarymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça 105 sany resminama gol çekildi. Şolardan 26-sy döwletara we hökümetara resminamalar, 79-sy bolsa pudagara resminamalar bolup durýar.
Iki ýurduň arasynda alnyp barylýan netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has-da berkeýär. Türkmenistanda Günorta Koreýanyň maýasynyň gatnaşmagynda 13 sany kärhana hasaba alyndy. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 14 sany maýa goýum taslamasy bar.
Şolaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalaýan zawodyň; Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşyklary; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegi; «Hyundai» kysymly 1630 sany awtobusuň we 300 sany ýeňil taksi awtoulagynyň satyn alynmagy ýaly iri taslamalary görkezmek bolar. Häzirki wagtda «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» gämi gurluşyk senagaty tehnologiýa kärhanasynyň gatnaşmagynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygy hem alnyp barylýar.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar özboluşly häsiýete eýe bolup, birnäçe netijeli düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk edilýär. Ýagny Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary, «Koreýa Respublikasy — Türkmenistan» parlamentara dostluk topary köp ýyllaryň dowamynda hereket edip gelýär. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde hem dürli ulgamlar babatda wajyp çözgütler kabul edilip, bu ugurdaky gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň häsiýetde dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 9-njy mejlisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Mejlisiň dowamynda taraplaryň arasynda şu degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy alyp barmak möhüm hasaplandy:
— söwda we maýa goýum, himiýa, nebitgaz pudagy, gämi gurluşygy, ulag-logistika, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, bilim ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek;
— iki ýurduň telekeçileriniň we işewürleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak;
— şu ýylyň 11-nji iýunynda Aşgabatda Türkmen-koreý işewürlik maslahatyny geçirmek. Biz, ine, şu maslahaty geçirip otyrys.
Hormatly adamlar!
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edildi. Bu resminama energetika, senagat, söwda, maýa goýumlar, “ýaşyl” we sanly ykdysadyýet ýaly ugurlary öz içine alýar.
Taraplar iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynyň özleşdirilmeginiň Türkmenistanda gaz pudagynyň ösdürilmegine uly goşant boljakdygy barada nygtaldy. Bu ugurda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyk gol çekmek üçin taýýarlanyldy we şonuň esasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary doly taýýar edip gurmak şerti bilen taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Gyýanlydaky polimer zawodynyň doly önümçilik kuwwatyna ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynda toplumlaýyn tehniki barlag-audit geçirmek barada baglaşylan şertnamanyň netijesi boýunça polimer zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin taslamanyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirildi. Bu işleriň ýerine ýetirilmegi barada «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen, işewürlik maslahatlaryny, sergileri hem-de söwda ýarmarkalaryny guramak, Türkmenistanda we Koreýa Respublikasynda halkara maslahatlary geçirmek ýaly bilelikdäki çäreler göz öňünde tutuldy. Koreýanyň eksport-import bankynyň, Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle-de koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda geljekki taslamalar üçin maliýe hyzmatdaşlygy boýunça işler dowam etdiriler.
Hormatly adamlar!
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Kýonpuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky “Çilgok” hassahanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak babatda ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet günleri, festiwallar, konsertler, sergiler ýaly medeni çäreleri geçirmekde, bu babatda täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça tejribe alyşmakda gatnaşyklary ösdürmek hem netijeli ugur hökmünde kesgitlenildi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda koreý dilini öwrenmäge höwesiň barha artýandygyny bellemek isleýärin. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde koreý diliniň öwredilmegi, koreý dili boýunça ýörite kafedralaryň açylmagy, paýtagtymyzda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň üstünlikli hereket etmegi aýdylanlara aýdyň mysal bolup durýar. Biz geljekde-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak arkaly halklarymyzy ýakynlaşdyrmak babatda ähli tagallalary ederis.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Men şu günki forumyň netijeleriniň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine berk ynanýaryn. Sözümiň ahyrynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýola hem-de ähli koreý wekiliýetine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin.