Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde guruljak lukmançylyk klasteriniň düzümleriniň taslamalary bilen tanyşdy

Ozal habar berşimiz ýaly,, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen şekil taslamalarydyr çyzgylar bilen tanyşlykdan soňra, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynda öndüriljek serişdeleriň ýokary halkara görkezijilere we häzirki zamanyň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, ýurduň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýede we Hytaýda iş saparynda bolup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar hem-de bu ugurda häzirki döwrüň iň kämil tejribesini içgin öwrendiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geňeşmeleriň geçirilmeginiň, olaryň dowamynda ýurduň çäginde bar bolan çig mallaryň ekologiýa we ýaramlylyk derejesi, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän suw çeşmelerini önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalaryň guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, munuň özi Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň önümçilik düzümlerinde taýýarlanjak serişdeleriň we enjamlaryň hil derejesine, ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň netijeli ulanylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.