Türkmenistanda ýurda getirilýän harytlar barada öňünden elektron görnüşinde habar bermek mümkinçiligi döredildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň gümrük kodeksine laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ýük daşaýjylara ýa-da beýleki gyzyklanma bildirýän taraplara Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi üçin niýetlenen harytlar barada deslapky elektron maglumatlary bermäge mümkinçilik berilýär.
Degişli elektron maglumatlary gümrük edaralaryna şu aşakdakylar arkaly tabşyryp bolar:
«ASYCUDA World» gümrük maglumat ulgamy
«Halkara ýol daşamalary (TIR) kitapçasyny ulanmak bilen halkara ýollarynda ýükleri daşamak hakynda Gümrük Konwensiýasyna (1975)» laýyklykda, türkmen, rus we (ýa-da) iňlis dilindäki «TIR-EPD» maglumat ulgamy arkaly
Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmekde ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem-de halkara söwdanyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen işleri amala aşyrýar.
Bu elektron maglumat, gümrük edaralaryna gümrük serhedinden geçirilýän harytlary we ulag serişdelerini töwekgelçiligi dolandyrmak ulgamyny ulanmaga, şol sanda harytlaryň bahalaryna, möçberlerine, görnüşlerine gözegçilik etmäge, netijede bolsa haryt dolanyşygyny çaltlandyrmaga we ýurduň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.