Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky 5-nji sany okyjylara ýetirildi. Žurnalyň ilkinji sahypalarynda 18-nji maýda bellenilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýlaşylan «Döwlet berkararlygynyň synmaz sütünleri» atly makala ýerleşdirilipdir. «Mertebe belentligi» diýlip atlandyrylýan çykyş bolsa Magtymguly Pyragynyň paýtagtymyzda bina bolan ýadygärligine bagyşlanypdyr.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty we Balkan welaýat häkimligi bilen bilelikde geçiren «Magtymguly ― geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahaty hem neşiriň täze sanynda öz beýanyny tapypdyr.

«Mukaddes Tuga tagzym» atly çykyş Döwlet baýdagymyzyň ýüreklere ornan gymmatlygynyň waspydyr. «Ömrüň manysy Watandan başlanýar» atly makala Watan goragçylarynyň ýürek aýdymy bolup ýaňlansa, «Aşgabat: geçmişden geljege uzaýan gözellik» atly makalada 25-nji maýda bellenilen türkmen paýtagtymyzyň güni bilen bagly ýakymly wakalar öz beýanyny tapypdyr.

«Gahrymanlar unudylmaýar» atly makalada Watan ugrundaky göreşlere gatnaşan gahrymanlarymyz ýene bir gezek arzylanylýar. «Hatlardaky hasratlar» atly çykyş bolsa geçmişde galan ýalynly ýyllary ýatladýar.

«Gadymyýetden gözbaş alýan şäher» atly makalada gadymy Änew şäheriniň öwreniliş taryhy yzarlanylýar. Neşiriň täze sanynda iňlis dilinde paýlaşylan çykyşda sanly kitaplaryň ähmiýetinden söz açylýar.

Neşirde däbe öwrülen «Ýaşlar ― ylym dünýäsinde» atly tapgyr bu gezek hem ýaş alymlaryň ikisiniň ylmy gözlegleri bilen tanyşdyrýar. Elektron neşiriň şu sanyndaky «Ýaňydy dolanym seniň goýnuňa...» atly makala we onuň bilen ugurdaş çykyşlar has täsirli bolupdyr. Olarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň şu ýylky uçurymlary ýüregine dolan sözleri paýlaşypdyrlar

Žurnalyň täze sanynyň nobatdaky makalalary ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen sport ýaryşlarynyň netijelerine, Hazar deňziniň ajaýyplyklaryna, bilim ojaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan işlere bagyşlanypdyr.

«Magtymguly Pyragynyň şygyrlary Sahy Jepbarowyň aýdymlarynda» atly makalany meşhur bagşynyň ady dakylan agtygy ýazypdyr. Neşirdäki çykyşlar «Gün zarňyldadyp jaň kakmaz» atly şahyrana oýlanma bilen tamamlanýar.

Žurnalyň ahyrky sahypalaryndan «Talyp joşguny ― 2024» atly döredijilik festiwalynyň bildirişini, «Tomus işdäaçarynyň» taýýarlanylyşyny we «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi baradaky maglumaty okap bilersiňiz.