Türkmenistanyň Prezidenti Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna ýollan gutlagynda şeýle sözler bar:
Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Sizi giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Biziň halkymyz daşky gurşawa, tebigata örän aýawly çemeleşip, ony hemişe gorap gelýär. Bu ynsanperwer işleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da ilerletmekde, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde kabul eden maksatnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Eziz watandaşlar!
Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär. Berkarar Watanymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant goşýar we halkymyzyň özboluşly tebigatymyza buýsanjyny artdyrýar. Beýik maksatlara gönükdirilýän bu işleriň netijesinde, paýtagtymyz Aşgabadyň daş-töwereginde, welaýatlarda döredilýän tokaý zolaklary barha giňelýär. Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyzyň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli şertler bar. Garagum sährasynyň jümmüşindäki «Altyn asyr» Türkmen köli bolsa diňe ülkämiziň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrman, eýsem, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga hem oňaýly täsirini ýetirýär. Halkara hyzmatdaşlykda taýýarlanan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi sebitiň ösümlikleriniň we haýwanlarynyň endemik görnüşleriniň dünýä derejesinde goralmagyna ýardam berýär.
Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça-da netijeli işler ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen birlikde, Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň geçirilmegi döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
Eziz watandaşlar!
Ýer ýüzünde durnukly ösüşi we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Bitarap Türkmenistan durnukly ösüş babatda öňde duran wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşýär. Bu mesele boýunça biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş we Daşky gurşaw boýunça maksatnamalary, Azyk we oba hojalyk guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly köp sanly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlary hem-de teklipleri öňe sürýäris.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen maslahatynda (СOP28) Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy resmi taýdan yglan edildi. Bitarap döwletimiziň bu borçnama goşulmagy bilen, halkara we milli derejede amala aşyrylýan netijeli işler howanyň üýtgemegine hem-de onuň täsirlerine garşy göreşmekde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki maslahatlarda daşky gurşawy gorap saklamak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça başlangyçlary hem öňe sürdük we olary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Özboluşly tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek üçin geljekde-de tutumly işleri amala aşyrarys.
Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Siziň ähliňizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, gözel Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak we has-da baýlaşdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.