3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni: Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Şu gün — 3-nji iýunda, Bütindünýä welosiped gününiň dabaralandyrylýan gününde Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Bu gezekki welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga aldy.
Ir bilen bu ýere ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi, talyplar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem boldy. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gülläp ösüşini, türkmen sportuny wasp eden joşgunly aýdym-sazly çykyşlary özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, ajaýyp çärä gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça agzybirlikde herekete başladylar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligini sagdyn ýaşaýşa çagyrmakdaky, döwletleriň arasynda ekologik abadançylygy wagyz etmekdäki möhüm ädimleri boldy.