Aşgabatda «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly dabaraly çäre geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly dabaraly çärä gatnaşyjylara Gutlagyny ýollady.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Sizi ýakynda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Baş şäherimize şeýle abraýly derejäniň berilmegi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, raýatlarymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, bu ugurda halkara derejede tejribe alyşmaga, netijeli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam eder.
Hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelmekleri sport hyzmatdaşlygynda täze sahypalary açýar. Dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatymyzyň netijesinde, Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi.
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Telekeçiligi ösdürmek, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek, döwrebap obadyr şäherçeleri, täze senagat toplumlaryny döretmek bilen, Bitarap döwletimiziň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadym döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän däplerini mynasyp dowam etdirýäris. Şundan ugur alyp, gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Çünki ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak arkaly raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil nesilleri ýetişdirmek, ýokary derejeli sporty, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ynsanperwer döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Halkara guramalar we dostlukly döwletler bilen sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan ýurdumyz sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar. Ata Watanymyzda häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri uly üstünliklere eýe bolup, sport bilen meşgullanýan raýatlaryň sany barha artýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda iri sport çärelerini geçirmek üçin niýetlenen, dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan Olimpiýa sport desgalarynyň binýadynda halkara sport guramalary bilen özara hyzmatdaşlykda birnäçe halkara sport ýaryşlary, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlary, sebitleýin halkara sport bäsleşikleri, şeýle hem hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli geçirildi. Ýakynda bolsa Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi hem-de degişli güwänamanyň gowşurylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününiň giňden bellenilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu sport çäreleri halkara gatnaşyklaryň, parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantdyr. Şu nukdaýnazardan, welosiped sportuny has-da işjeň ösdürmek maksady bilen, eziz Diýarymyzda 2024-nji ýylyň 31-nji maýy — 3-nji iýuny aralygynda ilkinji gezek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça uzak aralyga welosipedli ýörişiň guralmagy möhüm wakadyr.
Bedenterbiýe we sport döredijilik başlangyçlaryny, maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem gujur-gaýratyň çeşmesidir. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr.
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Siziň ähliňizi Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.