Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi güneşli Diýarymyzda uly dabaralara beslenip, giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesliň şu güni we nurana geljegi ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Däp bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Bitarap ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini bu ugurda durmuşa geçirýän netijeli işleri bilen dünýä äşgär edýär. Täze taryhy döwürde Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygy, çagalaryň mähir we alada bilen gurşalýandygy buýsandyryjydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň, çaganyň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleriň ulgamy hereket edýär. Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaş nesliň mynasyp terbiýelenmegi, bilim almagy, boş wagtlaryny gyzykly, peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilip, degişli hukuk binýady kemala getirildi.
Siziň baştutanlygyňyzda körpe nesliň bilim we dynç almagy, ählitaraplaýyn kämilleşmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Eziz Watanymyzyň ajaýyp Gökdere jülgesindäki, owazasy dünýä dolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde sapaly dynç almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler olaryň göwün guşuny ganatlandyrýar. Munuň özi geljegimiz bolan ýaş nesilleriň wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmeklerine, döwrebap dynç almaklaryna gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň netijeli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Türkmenistan dünýä döwletleri, iri halkara we sebit guramalary bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen ählumumy tagallalary birleşdirmäge çalyşýar. Çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyny, goraglylygyny we sagdyn ösüşini üpjün etmek boýunça Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşulmagy hem ýurdumyzyň bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini tassyklaýar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde nesillerimiziň şatlyk-şowhuny, şadyýan gülki sesleri, Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy wasp edýän joşguny belentden ýaňlanýar. Zehinli körpeleriň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» bäsleşiklerindäki çykyşlary halkymyzy buýsandyrýar. Halkara ders we sport bäsleşiklerinde ýaşlarymyz üstünlikli çykyş edip, berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeldýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň arasynda «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşik hem ýaş zehinleri ýüze çykarmaga ýardam berdi. Ýaşlaryň döreden ajaýyp sungat eserleri eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, ajaýyp tebigatymyza, milli sungatymyza beýik buýsanjyň hem-de wepalylygyň beýanydyr.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we obalarynda döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport desgalarynyň, sagaldyş merkezleriniň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi, ýaş nesillerimize niýetlenip gurulýan bu ajaýyp desgalaryň dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi we kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy geljekde ylym-bilimden ýüki ýetik, dünýä siwilizasiýasynyň soňky gazananlary bilen aýakdaş gadam urýan, maksada okgunly, milli watançylyk ruhundaky nesilleriň kemala gelmegini şertlendirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bagtyýar çagalygyň, ajaýyp arzuwlaryň hasyl bolýan döwri hökmünde ýurdumyzyň çagalarynyň kalbynda geljegiň has-da nurana boljakdygyna uly ynam döredýär.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.