Türkmenistanda uzynlygy 335 kilometre barabar bolan welosiped marafony başlandy
31-nji maýda Mary şäherinde uzynlygy 335 kilometre barabar bolan welosiped marafonyna badalga berildi.
Oňa ýurdumyzyň dürli künjeginden 60-a golaý türgen gatnaşýar. Bu ýörişe gatnayşyjaryň hatarynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň welosipedçileri hem bar. Geçilmeli menzil Mary — Tejen — Aşgabat ýokary tizlikli ýoluň ýörite ugry bilen uzaýar.
Welosiped marafony dört tapgyrda geçirilýär. Onuň jemleýji nokady Aşgabatdaky «Welosiped» binasy bolup, gatnaşyjylar bu ýere 3-nji iýunda — Bütindünýä welosiped gününde gelerler. Şol gün olar bellenen menzili külterläp, paýtagtda geçiriljek köpçülikleýin welosipedli ýörişe goşularlar.
Ýeri gelende bellesek, 3-nji iýunda Watanymyzda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edildi.