Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady

Şu gün — 1-nji iýunda bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de ähli halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

«Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary!

Hormatly watandaşlar!

Sizi dostlugyň we parahatçylygyň özboluşly baýramyna öwrülen Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalygyň, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Diýarynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanan dabaralaryň durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan eziz çagalarymyzyň ýadynda ýakymly ýatlamalary galdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Her güni şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan köpöwüşginli, baý many-mazmunly baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlarymyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berilýär. Berkarar Watanymyzy, beýik döwrümizi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly, şowhunly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, sergilerdir maslahatlar ildeşlerimiziň, şol sanda şadyýan çagalarymyzyň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň hem-de ýetginjekleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy ugrunda alnyp barylýan işler jemgyýetimiziň binýadyny emele getirýän ynsanperwer kadalarymyzyň giňden dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Gaznanyň ýardam bermeginde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp Aşgabat şäherinde geçirilýän çagalaryň tennis festiwalynyň ýurdumyzda çagalar sportuny ösdürmekde möhüm waka boljakdygy hem örän guwandyryjydyr. Bu çäreleriň ählisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Çagalary goramagyň halkara gününiň jemgyýetçilik durmuşymyzdaky ähmiýetiniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.

Eziz watandaşlar!

Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Şonuň üçin-de täze taryhy döwürde merdana halkymyzyň berk hem-de kämil maşgala gatnaşyklary baradaky, Watanymyzy, il-günümizi ýüregi bilen söýýän nesilleri terbiýelemekdäki milli däplerini mynasyp dowam etdirip, halkara kadalara esaslanýan, durmuşa gönükdirilen syýasatymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglaryny, mekdepleri, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş toplumlaryny gurup, bagtyýar çagalarymyzyň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertlerini döretmäge aýratyn üns berýäris.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz Türkmenistan häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýar. Ýaş nesillere döwrebap bilim hem-de terbiýe bermek, zenanlaryň, çagalaryň saglygyny, bähbitlerinidir hukuklaryny goramak ýaly örän möhüm ugurlar boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýar. Ýurdumyzyň halkara resminamalaryň tutuş toplumyna goşulmagy bagtyýar nesiller üçin ýokary hilli ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bagly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändigimizi görkezýär. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygymyzy aýdyň tassyklaýar. 2024 — 2026-njy ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzda häzirki döwürde ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn ösüşine, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaga, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, bilimi, saglygy goraýşy kämilleşdirmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar. Bu işler Garaşsyz döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça maksatlaryna ýetmäge, ählumumy abadançylygyň gazanylmagyna gönükdirilen wezipeleri çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary!

Eziz watandaşlar!

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş arzuw edýärin. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň şatlykly gülküleri hemişe belentden ýaňlanyp dursun!».