Türkmenistanyň Prezidenti şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek boýunça Karara gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini hem-de daýhanlarymyzyň şalynyň ýokary hasylyny öndürmekde höwesini artdyrmak arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine bu welaýatlaryň degişli etraplarynda şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Şeýle hem resminama bilen, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap şalynyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy.