Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň on ikinji mejlisi geçiriler
Türkmenistanda 4-5-nji iýunda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň on ikinji mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürler duşuşygyny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, senagatda innowasiýa tehnologiýalary, energetika, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, ekologiýa taslamalary we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bilelikdäki resminamalara gol çekiler.
Işewürler duşuşygynyň dowamynda Awstriýanyň enjam öndüriji kompaniýalarynyň işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak, birnäçe ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek meýilleşdirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bular barada 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýewiň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky hasabatynda aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek, dünýäniň ösen döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmelidigini belledi.
Döwlet Baştutany daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny barha giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.