Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, milli parlament tarapyndan alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow dünýäniň esasy reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabaty möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, gurluşyk toplumynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň hasabaty daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri özünde jemledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanylan taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynda bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmelidigini belledi hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda ulag we kommunikasiýalar pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda Hökümet agzalaryny hem-de mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy bilen, şeýle hem «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.