Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

Türkmenistanda ýaşlaryň robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigi geçiriler

M.B.Çakyýew Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabatda «ITTC-2024» halkara ulag sergisi we maslahaty geçiriler

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

«Huawei» kompaniýasy Türkmenistanda 5G aragatnaşygyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär

Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni belleniler

25-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Tejen-Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. 

Mundan başga-da, Olimpiýa şäherjiginiň “Welotrek” sport toplumynda 27-nji maý – 3-nji iýun aralygynda “Siz bilen sportda gadamlar batly, Ak geljege ýörelgämiz Arkadag” atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli giňden hem-de dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görülmegini, şeýle hem bu baýram mynasybetli paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda bedenterbiýe-sport çärelerini talabalaýyk geçirilmegini wise-premýere tabşyrdy.